2022-nji ýylyň Döwlet býujetinde mätäçlik çekýän adamlara ýaşaýyş jaýlaryny gurmak göz öňünde tutular

23:4209.07.2021
0
18583

Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde her etrapda we şäherde mätäçlik çekýän adamlara ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeler aýdylar. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde wise-premýer S.Berdimuhamedowa degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milletiň Lideri wise-premýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlary bilen ýygnanyp, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kabul eden maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasy boýunça maslahat geçirmegi, 2022-nji ýylyň maýa goýum maksatnamasyna düýpli seredip, ony taýýarlamagy hem-de tassyklamagy tabşyrdy.

Indiki ýylyň býujeti barada aýdylanda bolsa, bu işi tamamlap, 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Milli Geňeşiň garamagyna ibermeli diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet býujetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň, şeýle hem beýleki birnäçe durmuş tölegleriniň möçberlerini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutmaly.

Şeýlelikde, bu ugurda ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny ösdürmek hem-de maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak üçin olaryň ýolbaşçylary bilen zerur işleri geçirmeli diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. Milletiň Lideri täze iş ýerlerini döretmek boýunça kabul edilen maksatnamanyň doly möçberde ýerine ýetirilmändigini belläp, şu ýyl tamamlanansoň, bu meselelere aýratynlykda serediljekdigini ähli ýolbaşçylara duýdurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň