Balkan welaýatynda iş saparynyň çäklerinde düýn – 7-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ygtyýaryna gelip gowşan «Rahat» atly täze ýolagçy gämisiniň ilkinji ýüzüşine ak pata bermek çäresine gatnaşdy.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda gurlan bu ýokary tizlikli ýolagçy gämisi deňizde gezelenç etmegi halaýan syýahatçylar we jahankeşdeler üçin niýetlenendir. Gäminiň umumy uzynlygy 33 metrden gowrakdyr.
Döwrebap bezegi, kenardan 100 mile çenli uzaklykda ýüzüşi amala aşyrmaga mümkinçiligi bolan bu gäminiň tehniki görkezijileri we enjamlaşdyrylyşy häzirki zaman ýolagçy gämilerine bildirilýän ýokary talaplara doly laýyk gelýär.
Bu gäminiň Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda gazanylan ýokary derejeli ylalaşyklaryň esasynda ýurdumyz üçin gurlandygyny bellemeli. Munuň özi Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň aýry-aýry sebitleriniň, hususan-da, Tatarystanyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändiginiň aýdyň beýany bolup durýar.
Ýolagçy gämilerini tehniki taýdan enjamlaşdyrmak we yzygiderli üstüni ýetirmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar. “Rahat” atly täze gäminiň portumyza gelmegi munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Gojaman Hazaryň tolkunlarynyň arasyndan ýol külterleýän gämi kenardan daşlaşdy. Gözýetimde asman bilen birleşýän ajaýyp deňiz giňişligi haýran galdyrýar. Bu ýerden kenarda ýaýylyp gidýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň keşbi has-da gözel görünýär.
Milli Lideriň ak patasy bilen badalga berlen “Rahat” atly gämi ilkinji ýüzüşini tamamlap, deňziň kenarynda saklandy.