Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

22:5305.07.2021
0
4841

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda özara gatnaşyklaryň geljegi, esasy ugurlary hem-de bar bolan mümkinçilikler barada pikir alşyldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň dowamynda BMG bilen hyzmatdaşlyk babatda türkmen tarapynyň esasy nukdaýnazaryny we garaýşyny beýan edip, jenap Wolkan Bozkyra Türkmenistana sapar bilen gelendigi, şeýle hem Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň Başlygy hökmünde bu ýeke-täk uniwersal guramanyň agza ýurtlaryna, hususan-da, biziň ýurdumyza berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzirki mejlisiniň Başlygynyň ileri tutýan ugurlaryny doly goldaýar.

Döwlet Baştutany jenap Wolkan Bozkyra BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzirki mejlisinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen halkara başlangyçlaryň goldanylýandygy üçin hem minnetdarlyk bildirdi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi.

Ýakyn wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän resminamalara, ýagny, adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly ulag aragatnaşygyny üpjün etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hyzmatdaşlygy barada Baş Assambleýanyň Kararnamalarynyň taslamalaryna garamak meýilleşdirilýär.

Milletiň Lideri koronowirus pandemiýasy, howanyň üýtgemegi, gender deňligi, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy ýaly meselelerde hem Türkmenistanyň BMG-niň başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýokary wezipeli myhman däbe öwrülen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň gün tertibine girizilen wezipeler bilen baglylykda bar bolan mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, ÝUNISEF-niň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kristina Weýgand hem gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň