Soňky habarlar

Arhiw

Guterriş BMG-niň Türkmenistandaky täze wekilini wezipä belledi

00:4906.07.2021
0
6949

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş ukrainaly Dmitriý Şlapaçenkony BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine belledi. Bu barada BMG resmi saýtynda habar berýär.

Jenap Şlapaçenko diplomatiýa, halkara hyzmatdaşlygy, syýasy we durmuş-ykdysady meseleler, ösüşi utgaşdyrmak, parahatçylygy ýola goýmak we strategik meýilnamalaşdyrmak boýunça 25 ýyldan gowrak tejribe toplady. Dürli ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň agentliklerinde, Afrikada, Sudanda, Yrakda, Kosowada, Somalide, Wenada we Täjigistanda öz hünäri boýunça ýolbaşçy wezipelerinde işledi.

BMG-ä işe barmazyndan ozal ABŞ-nyň Parahatçylyk korpusy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen ýakyn gatnaşyk saklady. Şeýle hem ol öz ýurdunyň halkara gatnaşyklary boýunça birnäçe eserleriň hem awtorydyr.

Şlapaçenko Halkara žurnalistika boýunça bakalawr we magistr derejelerini, Ukrainanyň Kiýew uniwersitetinde halkara gatnaşyklar boýunça ylymlaryň doktory, Wengriýanyň Budapeşt şäherindäki Merkezi Ýewropa uniwersitetiniň syýasy ylymlar boýunça magistr derejesini we halkara gatnaşyklar boýunça magistr derejesini alýar. Bulardan başga-da Angliýada we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda halkara gatnaşyklara, syýasat we žurnalistika boýunça tejribe işlerini ýerine ýetirdi.

Jenap Dmitriý Şlapaçenkodan ozal bu wezipäni hanym Ýelena Panowa ýerine ýetirýärdi. Diplomatyň wezipe ygtyýarlyklary dolandan soňra, bu wezipäni wagtlaýynça BMG-niň Çagalar gazanasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Kristin Weýgand alyp bardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň