Top.Mail.Ru

Arhiw

Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrar

23:3002.07.2021
0
9111

Anna güni hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda Balkan welaýatyna boljak iş sapary, onuň dowamynda bu ýerde guraljak iri möçberli halkara çärelere taýýarlyk, ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň işini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutany iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, onuň dowamynda degişli ýolbaşçylaryň öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama we bu ugurda alnyp barylýan işler baradaky hasabatlaryny diňledi. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işleri üpjün edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň senagat taýdan okgunly ösüşi, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Aýratyn-da, çäk taýdan amatly ýerleşen Türkmenistanyň halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki derejesini pugtalandyrmak, ulaglaryň ähli görnüşleriniň işini döwrüň talabyna laýyk ýagdaýda guramak we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sazlaşykly ösüşe gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, amala aşyrylýan özgertmeler syýasatyny, halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, Balkan welaýatynda boljak halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek we welaýatyň sebit ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki ornuny pugtalandyrmak meseleleri barada aýdyldy.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, geljek hepdäniň başynda Balkan welaýatyna boljak iş saparynda sebitiň ulag-logistika ulgamyna degişli düzüminde alnyp barylýan işler bilen tanyşjakdygyny, bu ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine görülýän taýýarlyk işleriniň ähmiýetlidigini belledi. Şeýle hem Balkan welaýatynda başga-da halkara derejedäki birnäçe duşuşyklar meýilleşdirildi.

Munuň özi syýasy gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyry emele getirer. Bu durnukly ösüş, özara gatnaşyklaryň netijeli guralyny döretmek, Merkezi Aziýanyň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary üçin özüne çekiji sebit hökmünde dünýä gatnaşyklaryna goşulyşmagynyň durmuşa ukyply guralyny kemala getirmek wezipeleriniň çözgüdine gönükdirilendir diýip, milli Lider belledi hem-de meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Meýilleşdirilen halkara çäreler hereketleriň öňe ilerledilmegi, bilelikde kabul edilýän çözgütleriň durmuşa geçirilmegi, halkara bileleşigiň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň mümkinçilikleriniň doly derejede durmuşa geçirilmegi babatda aýratyn ähmiýetlidir diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi.

Munuň özi ýurdumyzyň dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleri bilen özara bähbitli, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde wajypdyr. Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik esaslaryna daýanýan sebitara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny esasy ugur edinýär. Bu bolsa Merkezi Aziýa sebitinde işjeň hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine giň ýol açýar.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hatarynda öz ornuny berkidýändigini, döwleti ösdürmegiň strategiýasynda birnäçe ugurlary, şol sanda ulag-logistika ulgamyny döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek, oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak wezipeleriniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Döwlet Baştutany ýurduň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň önümçilik düzümlerinde meýilleşdirilen işleriň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ähli ulgamlara sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde ilatyň arasynda, aýratyn-da, sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, şypahanalarda degişli düzümleriň işlerini kämilleşdirmek meseleleri gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna taýýarlyk görülýän günlerde alnyp barylýan işler döwrüň talabyna laýyk gelmelidir we halkymyzyň ruhunyň belende göterilmegini şertlendirmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de degişli ýolbaşçylara bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň