Berdimuhamedow türkmenistanlylary gyzgyn howadan goranmaga çagyrdy

22:3402.07.2021
0
14736

Şu gün – 2-nji iýulda geçirilen Ministler Kabinetniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisiniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýerlere we türkmenistanlylara ýüzlenip, şu günler dowam edýän yssy howa bilen bagly meselä ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany öz çykyşynda oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň hasabatyna esaslanyp, ýakyn günlerde howanyň çendenaşa gyzmagyna garaşylýandygyny belledi. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanyň nygtaýşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň agzalary, pudaklaryň hem-de edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary we hemme raýatlar Günüň örän gyzýan wagtlarynda onuň şöhlesinden goranmak üçin degişli çäreleri görmeli, zerur bolsa lukmanyň tekliplerini almaly. Saýawanlar, kelle gaplar, Güne garşy ýörite äýnekler ulanylsa, saglyk üçin peýdaly bolar. Kiçi ýaşly çagalar Günüň aşagynda bolýan wagtyny çäklendirip, olaryň gündiz daşarda ýa-da açyk howada bolýan wagtlaryna berk gözegçilik etmeli. Ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň dogry we berk berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirmeli. Şunuň bilen baglylykda, ähli ýerde elektrik enjamlaryny aýawly peýdalanmaly, zerur bolmasa olary ulanmaly däl. Eger biziň ählimiz şu kadalary dogry we berk berjaý etsek, onda biz günüň aşa gyzmagyndan goranyp bileris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň