Soňky habarlar

Arhiw

“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti öz gazananlary bilen Gyrgyzystanyň Prezidentini tanyşdyrdy

00:0030.06.2021
0
8069

27-28-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirildi, oňa milli ykdysadyýetimiziň senagat we önümçilik pudagynyň köp sanly wekilleri gatnaşdylar.

“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti özüniň smart-telewizorlary, ykjam telefonlary, routerleri we beýleki elektron önümleri bilen serginiň myhmanlaryny tanyşdyrdy.

Kompaniýanyň önümleri serginiň hormatly myhmany— ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowda aýratyn gyzyklanma döretdi.

Serginiň çäginde kompaniýanyň wekilleri gyrgyz işewürleri bilen “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň önümlerini Gyrgyzystan Respublikasyna eksport etmek boýunça gepleşikleri geçirdiler. Ýakyn geljekde türkmen kompaniýasynyň önümlerini gyrgyz bazaryna eksport etmek meýilleşdirilýär.

«Aýdyň gijeler» Türkmenistanda ilkinji bolup, köçe yşyklandyryşy boýunça enjamlardyr elektrik toguny tygşytlaýjy we led-çyralardan başlap, elektron hem-de elektrotehniki önümleriň häzirki zaman görnüşlerini öndürip başlady. Häzirki wagtda kompaniýanyň smart-telewizorlary, wifi routerleri, ykjam telefonlary, kulerleri we sowadyjylary ilat arasynda giňden neşhurlyk gazandy.

«Aýdyň gijeleriň» telewizorlary eýýäm Gazagystana eksport edilýär we kompaniýa öz önümlerini ýerleýän ýurtlarynyň sanyny barha artdyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň