Maryly geologlara täze tehnikalar gelip gowuşdy

12:2901.07.2021
0
1336

«Türkmengazgeofizika» müdirliginiň Mary meýdançasyndaky geofizika barlaglarynyň önümçilik-tehnologiki gullugy ösen infrastruktura eýe bolan önümçilik binýadyna eýedir. Ýakynda müdirlige «KAMAZ» ýöriteleşdirilen tehnikalaryň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy.

Bu barada Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň resmi saýty habar berýär.

Şu ýylyň geçen bäş aýynda gullugyň hünärmenleri tarapyndan «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň 113 sany guýusynda geofiziki barlag we beýleki işler geçirildi. Barlag işlerinde iň täzeçe çemeleşmeler ulanyldy.

Häzirki wagtda meýdançada 8 sany geofiziki tapgyrlar hereket edip, şolaryň 3-si buraw işleri ýerine ýetirilýän nebitgaz guýularynda barlag işlerine geofiziki gözegçiligi amala aşyrýarlar.Bilermenler guýynyň çuňlugyny, inini, topragyň plastynyň ýagdaýyny, buraw turbalarynyň abatlygyny düýpli barlaýarlar, şeýle hem sementleýji ergin arkaly guýularyň berkidilmeginiň hiline gözegçiligi amala aşyrýarlar.

Mary meýdançasynda sekiz sany geofiziki tapgyr guýularyň burawlanmagyna gije-gündizleýin tehnologiki barlagy amala aşyrýarlar. Häzirki wagtda «Galkynyş» käniniň 271, 289 we 294 gaz guýularynda bu işler giň gerim aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň