Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Bagdat Amreýewi kabul etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlady we milli Liderimize berk jan saglyk hem-de Türkmenistanyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikler arzuw etdi.
Milletiň Lideri gutlaglar we mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugrudygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türki dilli döwletler bilen netijeli gatnaşyklara uly üns berilýär. Türkmen halkyny şol döwletleriň halklary bilen taryhy kökleriň, müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni we ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar.
Duşuşygyň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Türksoý geňeşiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, onuň geljegi barada pikir alyşdylar hem-de söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň wajypdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türksoý geňeşiniň 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän nobatdaky sammitine degişli mesele barada durlup geçildi.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistan bilen türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.