Bişkekde Türkmenistandan baran ýükler garşylanyldy

10:1830.06.2021
0
16671

Türkmenistandan Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherine gök önümlerinden, azyk önümlerinden we santehnikalardan ybarat ýük getirildi. Tazabek agentliginiň Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar bermegine görä, ýük ibermek baradaky ylalaşyk Prezident Sadyr Japarowyň Aşgabada resmi saparynyň çäklerinde gazanyldy.

Ýatlatsak, 2021-nji ýylyň 27-nji iýunynda gyrgyz-türkmen ykdysady forumynyň çäklerinde Gyrgyzystanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşigi bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda şertnamalara gol çekildi.

Hususan-da, taraplar umumy mukdary 21 million amerikan dollaryndan gowrak bolan gök önümleri, santehnika enjamlaryny we azyk önümleri ibermek barada şertnama baglaşdylar.

Şeýle hem, gazanylan ylalaşyklaryň çäginde egin-eşik we aýakgap önümçiligini, maýa goýum işlerini we iki döwletiň telekeçileriniň arasynda import-eksport amallaryny ösdürmekde hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Bu şertnama laýyklykda, ýükli uçar Türkmenabat şäherinden Bişkek şäherine geldi. Gyrgyzystanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň prezidenti Danil Ibraýewiň aýtmagyna görä, Türkmenistandan gelen ýük aşakdakylardan ybarat:

  • 18 tonna santehnika önümleri (dürli diametrli turbalar - plastmassa, keramiki santehnika enjamlary, stol, oturgyç, çelek we ş.m. ýaly plastmassa önümleri);
  • 10 tonna pomidor;
  • 6 tonna käşir;
  • dokma nusgalary;
  • 2 tonna konditer önümleri (mekgejöwenden dürli konditer önümleri, şol sanda çipsiler);
  • nebithimiýa (polipropilen, polietilen we beýleki nebithimiýa granulalary).

Bişkekdäki howa menzilinde ýüki Prezident administrasiýasynyň başlygynyň orunbasary Adylbek Kasymaliýew garşy aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň