Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Bilelikdäki Beýannamasy

22:0628.06.2021
0
7314

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça 2021-nji ýylyň 27-28-nji iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana resmi sapary boldy.

Dostluk we özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda döwletleriň Baştutanlary strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň tutuş toplumyna seretdiler hem-de özara gyzyklanma bildirilýän, möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti G.M.Berdimuhamedow we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.N.Žaparow syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginli ösüşini bellemek bilen,

Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda 2018-nji ýylyň 23-nji awgustynda Aşgabat şäherinde gol çekilen Strategik hyzmatdaşlyk, dostlugy we ynanyşmagy pugtalandyrmak hakyndaky Jarnamany hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda 2014-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde gol çekilen Dostluk, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany goldanyp,

Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň öňde duran 30 ýyllygyna möhüm ähmiýet berip,

ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we çaltlaşdyrmaga çalşyp, şu aşakdakylary beýan etdiler.

Türkmen-gyrgyz gatnaşyklary taryhy taýdan dostluk, doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we iki halkyň çuň ruhy baglanyşygyna esaslanýar.

Prezidentler türkmen-gyrgyz syýasy gatnaşyklaryny, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň, şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama hukuk binýadyny giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda belent, ýokary we beýleki derejelerde ynanyşykly we netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak hem-de doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda çykyş etdiler.

Döwletleriň Baştutanlary COVID-19 koronawirus pandemiýasyna hem-de terrorçylyk we ekstremizm, bikanun migrasiýa we adam söwdasy, ýaraglaryň bikanun söwdasy, neşe serişdeleriniň dolanyşygy hem-de kiberhowpsuzlyk ýaly häzirki döwrüň beýleki wehimlerine garşy göreşde iki ýurduň hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň we berkitmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm düzüm bölegi hökmünde Türkmenistanyň Milli Geňeşi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Žogorky Keneşiniň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň parlamentleriniň derejesinde saparlary alyşmak arkaly parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň aýratyn ähmiýeti tassyklandy.

Hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça utgaşdyryjy edara hökmünde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işini mundan beýläk-de güýçlendirmegiň we onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygy bellenildi. Prezidentler hyzmatdaşlygyň geljegi has uly bolan ugurlaryny kesgitlemek we amala aşyrmak, şol sanda bilelikdäki kärhanalary döretmek hem-de maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek arkaly ykdysady, ylmy-tehniki, ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny tassykladylar.

Telekeçilik işi üçin amatly ykdysady, maliýe we hukuk şertlerini döretmegiň, harytlary hem-de hyzmatlary dünýä bazarlaryna çykarmak mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň, taraplaryň çäklerinde geçirilýän halkara sergilere gatnaşmagyň, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrjak işewürler maslahatlaryny guramagyň möhümdigi aýratyn bellenildi.

Prezidentler ulag, energetika, senagat, söwda, oba hojalygy we sebitleýin hyzmatdaşlyk babatda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin amatly şertleriň bardygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de höweslendirmegiň, iki ýurtda öndürilýän önümler bilen özara tanyşmagyň, eksport-import mümkinçiliklerini öwrenmegiň hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze görnüşlerini gözlemegiň zerurdygyny aýtdylar.

Taraplar senagat we energetika pudaklarynda bilelikdäki önümçilikleri guramak hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri boýunça netijeli hyzmatdaşlyk etmäge ikitaraplaýyn meýilleri bildirdiler.

Döwletleriň Baştutanlary ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň halkara söwdany ösdürmekde düýpli ähmiýetiniň bardygyny tassykladylar. Halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça dürli taslamalara özara gatnaşmagyň ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge, ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmäge hem-de iki ýurduň ulag-kommunikasiýa desgalarynyň üsti bilen üstaşyr ýük akymlaryny artdyrmaga, harytlary dünýä bazarlaryna örän gysga we netijeli ugur boýunça çykarmagy üpjün etmäge ýardam berjekdigi bellenildi. Taraplar Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň ýük daşaýjylaryna amatly şertleri döretmegi, şol sanda özara şertlerde wizalaryň resmileşdirilmegi üçin konsullyk ýygymlarynyň nyrhlaryny birmeňzeş etmek arkaly döretmegi ylalaşdylar.

Prezidentler Gyrgyz Respublikasynda «Türkmenistan» şypahana-dikeldiş ulgamynyň desgasyny we iki ýurtda söwda öýlerini gurmak boýunça maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň meseleleriniň üstünde işlemegi iki ýurduň degişli düzümlerine tabşyrmagy karar etdiler.

Taraplar ýangyç-energetika pudagynda ýurtlaryň arasynda kooperasiýany güýçlendirmegi ylalaşdylar we degişli düzümlere Türkmenistandan tebigy gazy, elektrik energiýasyny, şeýle hem suwuklandyrylan gazy Gyrgyz Respublikasyna ibermek meselesiniň üstünde işlemegi tabşyrdylar.

Döwletleriň Baştutanlary elektrik energetikasy we gaz babatda işgärleri taýýarlamak, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de tejribe alyşmak meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýardyklaryny hem beýan etdiler.

Prezidentler adatdan daşary ýagdaýlary duýdurmak we düzetmek, daşky gurşawy goramak, biologik köpdürlüligi gorap saklamak, tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmak hem-de howanyň üýtgemeginiň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça çäreler babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini bellediler.

Döwletleriň Baştutanlary Türkmenistandan Gyrgyz Respublikasyna mineral dökünleri ibermek mümkinçiligine seretdiler we iki ýurduň oba hojalygy pudagynda uly hyzmatdaşlyk mümkinçiliginiň bardygyny nygtadylar.

Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy iki ýurduň halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk dostlugy, doganlygy we hyzmatdaşlygy gorap saklamak hem-de pugtalandyrmak üçin taryhy jogapkärligine düşünip, bilim, medeniýet, sungat we sport babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassykladylar.

Taraplar bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler, taraplaryň degişli döwlet edaralarynyň arasynda bilim baradaky resminamalary özara ykrar etmek hakyndaky ikitaraplaýyn resminama gol çekmegiň zerurdygyny bellediler.

Umumy taryhy we medeni mirasy gorap saklamak hem-de ilerletmek maksady bilen, döwletleriň Baştutanlary türkmen-gyrgyz medeni hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň zerurdygyny bellediler hem-de özara Medeniýet günlerini, bilelikdäki sergileri, festiwallary we beýleki medeni çäreleri geçirmegi goldamaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Halkara giňişlikde özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýändigini ykrar etmek bilen, Prezidentler köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäklerinde has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny bellediler hem-de halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini tassykladylar.

Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy agzalary bolup durýan köpugurly hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde köp sanly möhüm meseleler boýunça tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygy bellenildi. Döwletleriň Baştutanlary ählumumy meseleleri çözmekde, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekde, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň institutlarynyň ornuny ýokarlandyrmagyň möhümdigini bellediler.

Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň gepleşikler we halkara goldawyny çekmek arkaly jedelleri parahatçylykly ýol bilen çözmekde hem-de gapma-garşylyklary aradan aýyrmakda mümkinçiligini artdyrmakda sebitiň ýurtlaryna ýardam bermek babatda tagallalaryny goldaýarlar.

Döwletleriň Baştutanlary Merkezi Aziýanyň halklarynyň gülläp ösmeginiň bähbidine sebitde durnuklylyk we howpsuzlyk ýagdaýyny berkitmäge iki tarapyň hem çalyşýandygyny bellediler.

Taraplar Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) işini Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini hem-de isleglerini nazara almak bilen, mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny beýan etdiler.

Prezidentler doly görnüşli sebitleýin hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge mümkinçilik beren hem-de sebitleýin kooperasiýanyň esasyny goýan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary görnüşini ösdürmegiň ileri tutulýan ähmiýetini aýratyn bellediler we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ozal kabul edilen çözgütleriniň çäklerinde ýakyn wagtda nobatdaky konsultatiw duşuşygy geçirmegiň tarapdarydyklaryny aýtdylar.

Döwletleriň Baştutanlary 2021-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynda Birinji Ýewropa Birleşigi — Merkezi Aziýa ykdysady forumyny geçirmegiň ähmiýetini bellediler, forum Merkezi Aziýa döwletleriniň has durnukly ösmegine ýardam berer.

Prezidentler özara hormatlamagyň, ynanyşmagyň, açyklygyň we özara bähbidiň ikitaraplaýyn türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny ösdürmegiň esas goýujy ýörelgeleri bolup durýandygyny nygtadylar hem-de türkmen-gyrgyz gatnaşyklary üçin däp bolan doly ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen duşuşygyň netijelerine kanagatlanma bildirdiler.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow gyrgyz wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik, mähirli we dostlukly kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti G.Berdimuhamedowy özi üçin amatly wagtda Gyrgyz Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Saparyň möhleti diplomatik ýollar boýunça ylalaşylar.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti

Sadyr ŽAPAROW.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 28-nji iýuny.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň