“Bossan Concept” dükany hiňňildikleriň täze görnüşleriniň gelip gowşandygyny habar berýär

20:3728.06.2021
0
10222

Howly we eýwan üçin mebelleri hem-de aksessuarlary hödürleýän “Bossan concept” dükanyna özboluşly asma kürsi-hiňňildikleriň giň toplumy gelip gowuşdy.

Örme kürsi-hiňňildikler bir hem-de iki-üç adama niýetlenendir, olaryň rahatlygy üçin bolsa, müşderilere goşmaça ýassyklar we düşekçeler hödürlenilýär.

Kürsüler jaýlaşykly oturmak we arka myşsalaryny ýazmak üçin oňaýly edilip ýasalandyr.

Hiňňildikleriň bu tapgyry bir adamlyk bolup, onuň tegelek görnüşi ýumşak ýassyklar bilen sazlaşyklylykda jaýlaşykly oturmaga we arkaňy ýazmaga mümkinçilik berýär.

Bu görnüş hem bir adama niýetlenip, onda arkaýyn gyşaryp ýatmak bolýar, uly bolmadyk bassyrmasy bolsa, seni Gün şöhlesinden ýa-da ýagyşdan goraýar.

Üsti bassyrmaly amatly kürsi-hiňňildik. Muny uly bolmadyk, emma rahat kürsi hökmünde ulanmak bolýar.

Asma kürsüleriň dürli görnüşleri olaryň göwnüňize ýaran reňkdäkisini saýlamaga mümkinçilik berýär hem-de olaryň islendik beden gurluşly adamlar üçin amatlylary bar.

Uzyn oturgyçly kürsi-hiňňildiklerde aýaklaryňy uzyn salyp, oňat dynç alyp bilersiňiz.

Pile görnüşli hiňňildikler hatda goh-galmagally üýşmeleňde hem size özüňizi ýeke duýup, oňat dynç almaga mümkinçilik döreder. Ýumşak ýassyklar arkaňyza söýeg bermek bilen, ýakymly rahatlyk duýgusyny artdyrar.

Siz asma kürsi-hiňňildiklerde wagtyňyzy hoş geçirersiňiz, olaryň gaýtalanmajak bezegi bolsa, islendik howla ýa-da açyk eýwana ýaraşyklylyk berer.

“Bossan concept” howly hem-de eýwan üçin aksessuarlaryň dükanynda diňe bir hiňňildikleri däl, eýsem, bag mebelleriniň beýleki görnüşlerini, gelşikli çyralarydyr asma yşyklary we dürli bezeg serişdelerini satyn alyp bilersiňiz.

Dükanda “Elif desserts” süýjülikleriniň tagamyndan lezzet almak üçin uly bolmadyk künjek bolup, ol ýerde oturyp dynç alyp bolýar. Bu ýerde süýjülikleriň her gün täze görnüşleri hödür edilýär, siz olary ýanyňyz bilen alyp ýa-da öýüňize sargyt edip bilersiňiz.

Salgysy: Mollanepes köçesi, 27, “Dürdäneli” Söwda merkezi (15-nji tapgyr).

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312 44-55-54, +99365 72-60-60.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň