Soňky habarlar

Arhiw

Ilon Maskyň paýlaşan twiti kriptowalýutanyň täze görnüşiniň döremegine sebäp boldy

16:5928.06.2021
0
5872

Paýlaşan her twiti uly seslenme döredýän Ilon Mask nobatdaky twitinde kriptowalýuta barada ýeke agyz hem gürrüň açmady. Ol diňe yzarlaýjylary bilen itine Floki diýip at goýandygyny habar berdi.

Ýöne olara şu-da ýeterlik boldy. Bu paýlaşmadan bary-ýogy 9 minut soňra meýletinçiler topary bu at bilen kriptowalýutany işe girizdiler.

Bir gije-gündiz soňra Floki kriptowalýutasynyň gymmaty 3500 göterim ýokarlandy. Şeýlelikde, ony döredijiler dessine millioner boldular. Kriptowalýutanyň resmi saýtynda hem nygtalyşy ýaly, «Floki kriptowalýutasynyň bahasynyň hemişelik ýokarlanmagyna ýardam eder».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň