Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

22:5327.06.2021
0
7247

Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy.

Bu ýerde döwlet Baştutany şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli guralan dabaranyň çäklerinde paýtagtymyzyň ilatynyň adyndan sowgat berlen, Akşäher atly bedew bilen didarlaşdy.

Döwlet Baştutany Akpata bilen Damana atly bedewleriň nesli bolan, 2019-njy ýylda doglan Akşäher bilen birsellem gezim etdi. Şöhratly Eýeberdi Telekäniň nesil ugruna degişli bu bedewiň beden gurluşy, onuň gözelligi ahalteke bedewlerine mahsus görkezijilere doly laýyk gelýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Akşäher atly bedew bilen gezelenji tamamlap, bu ýerde idedilýän Hanbeg atly bedewiň ýanyna geldi. Hanbegler we Okgyz atly bedewleriň neslinden bolan ajaýyp at meşhur Gaplaňyň ugruna degişlidir.

Milletiň Lideri Hanbegi eýerläp, ony çapuw ýodasyna çykardy we bedewi maýdalyna sürdi. Bedewiň hem-de çapyksuwaryň hereketiniň sazlaşygy ynsan bilen bedewiň aýrylmaz ruhy arabaglanyşygyny alamatlandyrýar.

Soňra Hanbeg öňatdy hereketine geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň