Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýede «Stambul» kanalynyň gurluşygyna girişildi

19:2227.06.2021
0
4193

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Bosfor bilen ugurdaş hereket edip, Gara we Mermer deňizlerini birleşdirjek Stambul kanalynyň gurluşygynyň başlanandygyny habar berdi. Gurluşyk geljekki kanaldaky alty köpriniň biri bilen başlar.

Döwlet Baştutanynyň sözlerine görä, täze kanal ýylda 45 müň gämi geçýän Bosfor bogazynyň ýüküni azaldar. 2050-nji ýyla çenli ýylda 78 müň gämi Bosfordan geçer, 25 müň gäminiň howpsuz geçmegini üpjün etmek mümkin. «Her bir uly gäminiň geçmegi şäher üçin töwekgelçilik döredýär, heläkçilik ýüze çykan halatynda şäherde ýangyn we weýrançylyk emele geler, şol sanda medeni gymmatlyklar bilen baglanyşykly uly howp döräp biler» diýip, Prezident belledi.

Stambul kanalynyň gurluşygy Türkiýäniň taryhynda iri infrastruktura başlangyçlarynyň biri bolar we Bosforyň ulag ýüküni ep-esli azaldar diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň