Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda internet ulgamynyň göwrümini giňeltmek we bahasyny arzanlatmak boýunça işler alnyp barylýar

22:4525.06.2021
0
41296
Türkmenistanda internet ulgamynyň göwrümini giňeltmek we bahasyny arzanlatmak boýunça işler alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Öwezow döwlet Baştutanyna internet ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatda hem bellenilişi ýaly, ýurdumyzda internet ulanyjylaryň sany barha artýar. Şeýle hem kärhanalarda, edaralarda, telekeçilikde we bilim ulgamynda internet ulgamyndan işjeň peýdalanylýar.

Internet hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy üçin 2021-nji ýylyň fewralynda täze nyrhnamalar tassyklanyldy. Şoňa laýyklykda, olaryň tölegi 50 göterime çenli arzanladyldy. Häzirki wagtda ulanyjylaryň ýokary tizlikli internete islegleriniň artýandygy bilen baglylykda, internet ulgamynyň göwrümini giňeltmek zerur bolup durýar.

Şuny nazara almak bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan halkara bäsleşik geçirildi.

Bu ugurda göz öňünde tutulan işleriň geçirilmegi internet hyzmatlarynyň bahalarynyň arzanladylmagyna, sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamynyň, elektron söwda hyzmatlarynyň gerimini giňeltmäge, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda döwrebap maglumat ulgamlaryny döretmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu gün ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak, önümçilige ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny, munuň pudaklaryň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi sanly ulgamy ösdürmek we intellektual ulgamlaryň işlemegini üpjün etmek boýunça möhüm wezipäni ýerine ýetirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti kommunikasiýa toplumyny sanly ulgama öwürmek meseleleriniň üstünde durup geçip, ýurdumyzyň öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda köp ugurlary öz içine alýan kommunikasiýa ulgamyny döretmäge, internete giň gerimli elýeterlilik bilen bir hatarda, aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, hilini we görnüşini artdyrmaga gönükdirilen iri taslamalaryň tutuş toplumyny durmuşa geçirmäge girişilendigini nygtady. Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow döredilen şertlerden we mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, degişli işleri maksadalaýyk amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň