Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine badalga berildi

11:2722.06.2021
0
1363

Şu gün Türkmenabat şäherindäki «Ruhyýet» köşgüniň öňündäki meýdançada Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurduň ähli welaýatlaryndan gelen medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdy.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hepdelige gatnaşyjylara ýollan Gutlagy okaldy. Soňra medeniýet we sungat işgärleriniň teatrlaşdyrylan çykyşlary görkezildi. Bu çykyşlarda türkmen Lideriniň milli medeniýetimize bagyşlanan eserlerine aýratyn orun berlipdir.

Açylyş dabarasy tamamlanandan soňra «Ruhyýet» köşgünde «Perzent çeşme bolsa, gözbaşy ata-enedir» atly maslahat geçirildi. Adyndan hem mälim bolşy ýaly, maslahat ata-ene ― perzent gatnaşyklaryna bagyşlandy.

Günüň ikinji ýarymynda Medeniýet hepdeligi welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçiriljek «Mirasymyz ― buýsanjymyz» atly döredijilik duşuşygy hem-de oba we öý muzeýleriniň işini kämilleşdirmek boýunça usuly maslahaty bilen dowam eder.

Agşam «Bitaraplyk» seýilgähindäki «Türkmeniň toý döwresi» meýdançasynda Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň sungat ussatlarynyň konserti bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň