Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Ženewada geçiriljek türki hepdeligine gatnaşar

15:5319.04.2024
0
7554

22 — 25-nji aprelde Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde türki hepdeligi geçiriler. Bu maksatnama türki dünýäsiniň medeniýetini we sungatyny tanatmaga gönükdirilen dürli çäreleri, amaly-haşam sungat eserleriniň sergilerini, şeýle hem türki dünýäsiniň sungat işgärleriniň gatnaşmagynda gala konsertini öz içine alýar. Bu barada Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) web sahypasynda habar berildi.

Çeşmede beýan edilişine görä, bu barada S.Raýew:

«Medeni maksatnamanyň çäklerinde sergileri we ýörite gala konsertini taýýarladyk. Biz sungat söýüjilerine şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän şahyra bagyşlanan «Magtymguly Pyragy», şeýle hem «Zenan», «Ýüpek ýoly» atly mowzuklarda türki dünýäsiniň suratkeşleriniň ajaýyp eserlerini hödürläris-diýip belleýär.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Soltan Raýewiň aýdyşy ýaly, Türki hepdesiniň çäklerinde türki dünýäsiniň halk döredijiliginiň, nepis sungat eserleriniň we milli mirasynyň ajaýyp nusgalary sungat söýüjilerine hödürlener.

Baş sekretaryň sözlerine görä, hepdeligiň gala konsertine 7 ýurduň Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Saha Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) sungat işgärleriniň 30-sy gatnaşar.

Çäreler TÜRKSOÝ, Türki döwletleriň guramasy, Türki Medeniýet we miras gaznasy, Halkara Türki akademiýasy we Türki döwletleriniň Parlament Assambleýasynyň bilelikde guramagynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň