«Türkmenhowaýollary» agentliginiň ygtyýaryna Boeing 777-200LR kysymly nobatdaky dördünji howa gämisi gelip gowuşdy.
AviationNepal.com saýtynyň habar bermegine görä, bu howa gämisi dünýäde Boeing 777-200LR kysymly iň soňky ýolagçy uçardyr. Uçar «Boeing» kompaniýasynyň ABŞ-nyň Eweret şäherindäki zawodynda öndürildi.
Häzirki wagtda «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan üç sany “Boeing 777-200LR” kysymly howa gämisi dolandyrylýar. Agentlik 2019-njy ýylyň ortalarynda bahasy 346 million 900 müň ABŞ dollaryna barabar bolan täze “Boeing 777-200LR” uçaryny sargyt edipdi.
Bu täze uçar “Türkmenhowaýollary” agentliginiň “Boeing” kompaniýasyndan satyn alan 32-nji uçary boldy.
“Boeing 777-200LR” ýolagçy uçarynyň bir bada 317 sany ýolagçyny daşamaga we 15 müň 843 kilometre barabar bolan uzaklyga çenli uçuşlary üznüksiz ýerine ýetirmäge ukyby bardyr.