Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen karbamidi Batumi porty arkaly beýleki yklymlara ugradylar

16:3216.06.2021
0
8273

Batuminiň deňiz portunda Merkezi Aziýa ýurtlary — Türkmenistanda, Özbegistanda we Gazagystanda öndürilen granulirlenen karbamidleri daşamak üçin mineral dökünleri multimodal terminal açyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» Azerbaýjanyň «Report» saýtyna salgylanyp habar berýär.

Saýt Türkmenistanda, Özbegistanda we Gazagystanda ýylda jemi 6,6 million tonna dökün öndürilýändigini belleýär. Habarda Türkmenistanda Hazar deňziniň günorta böleginde golaýda işe girizilen dökünleri öndürýän «Garabogazkarbamid» zawodynyň ýylda 1,2 millon tonna golaý karbamid çykarýandygy, onuň 90% -den gowragynyň eksport edilýändigi nygtalýar.

Batumi portunyň täze terminalynyň ýylda 1,5 million tonna mineral dökünleri gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bar. Merkezi Aziýada öndürilýän önümler Azerbaýjanyň üsti bilen Batumä getirilip, ol ýerdenem ABŞ-daky, Ýewropadaky, Afrikadaky we Awstraliýadaky sarp edijilere ugradylýar.

Bilermenler pandemiýadan soňky döwürde mineral dökünlere islegiň has artjakdygyny çak edýärler, çünki dünýäde oba hojalyk we azyk önümlerine isleg ýokarlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň