Soňky habarlar

Arhiw

«Ferrari» özüniň ilkinji eşik söwda ulgamyny açdy

16:2315.06.2021
0
3931

Italiýanyň ýaryş we sport awtomobillerini öndüriji kompaniýasy Ferrari erkek, zenan we çaga egin-eşikleri liniýasyny işe girizdi we restoran açdy.

Egin-eşik liniýasynyň döredijilik müdiri öň Armani moda öýi bilen işleşen Rokko Iannone boldy. Lýuks egin-eşikleriniň birinji hatarynyň tanyşdyrylyşy Italiýanyň Maranello şäherinde, kompaniýanyň zawodynda bolidleriň arasynda geçirildi. Maranellodaky zawodyň garşysynda Ferrari restorany hem açyldy.

“Biziň täze taslamalarymyz – moda önümçiligi we Maranelloda Cavallino (“Atjagaz”) restorany – Italiýanyň güýçlüdigini we geljege optimizm bilen seredýändigini görkezmäge gönükdirilendir” – diýip, Ferrari-niň prezidenti Jon Elkann belledi.

Ýygyndyda esasy reňkler Ferrari üçin adaty bolan gyzyl we sary reňkler boldy. Tikin fakturasy üçin dizaýnlaryň köpüsi 1947-nji ýylda Enso Ferrari tarapyndan esaslandyrylan kompaniýanyň arhiwinden alyndy. Egin-eşikleri taýýarlamakda dizaýnerler adaty italýan önümçiligine we ýokary hilli tikinçilik sungatyna aýratyn ähmiýet berdiler.

Ferrari-niň lýuks egin-eşikleri onlaýn, şeýle-de Maranellodaky, Rimdäki, Milandaky, Los-Anjelesdäki we Maýamidäki dükanlarda satylar. 2022-nji ýylda Hytaýda hem dükan açmak meýilleşdirilýär.

Ferrari restoranynyň ruhlandyryjysy ýerli KHBS tarapyndan “önümleriň reňkini, gurluşyny we geometriýasyny inçelik bilen duýýan suratkeş” diýlip atlandyrylýan şef-aşpez Massimo Bottura boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň