Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda sementiň täze görnüşi öndüriler

19:4712.06.2021
0
17021

Türkmenistanda sementiň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak hem-de olaryň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça işler geçirilýär. Bu barada wise-premýer Ş.Durdylyýew Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi pudagy ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri, hususan-da, ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyk işleri hem-de ykdysadyýetiň beýleki pudaklary üçin zerur ýokary hilli gurluşyk serişdelerini çykarmak, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze zawodlary ulanmaga girizmek, ýerli mineral-çig mal serişdeleriniň esasynda önüm öndürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirýär.

Ministrligiň garamagyndaky sement zawodlarynda aktiw mineral goşundylary — bazalt porfiritleri we opoka çig malyny goşmak arkaly portlandsementiň önümçiligi ýola goýuldy.

“Balkan” kän müdirliginiň bazalt porfiritleriniň “Ufra” ýatagynyň we Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky Akbulak meýdançasynyň dag jynslary bu önümçilik üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Bu mineral daşlary özüniň fiziki we himiki häsiýetleri bilen tapawutlanyp, ýokary hilli sement öndürmäge mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň