Soňky habarlar

Arhiw

E3 2021 sergisiniň doly meýilnamasy yglan edildi

16:2212.06.2021
0
4797

Amerikanyň güýmenje programma üpjünçiligi assosiasiýasy we «Entertainment Software Association» kompýuter oýunlary guramasy «Electronic Entertainment Expo 2021» (E3 2021) sanly sergisiniň doly meýilnamasyny yglan etdi.

Onlaýn görnüşinde geçiriljek sergi millionlarda janköýere öýde oturan ýerinden oňa gatnaşmaga mümkinçilik döredýär. Gatnaşmak üçin hiç hili töleg kabul edilmeýär we täze oýunlar bilen tanyşmaga, metbugat maslahatlaryna gatnaşyp, oýunlary döredijiler bilen gürrüňdeş bolmaga mümkinçilik döredilýär.

Sergi 12-nji iýundan 15-nji iýuna çenli «Twitch» ýa-da «YouTube»-däki resmi kanallarda guralar. Şeýle hem «Netflix», «Summer Game Fest» we «Apple» sergini göni ýaýlymda görkezer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň