Soňky habarlar

Arhiw

Gonkongda koronowirusa garşy sanjym alanlar 14 million dollarlyk baýraklara mynasyp bolarlar

14:4910.06.2021
0
3782

Gonkongda raýatlary COVID-19 sanjymyna höweslendirmek üçin jemi 14 million dollar baýrak taýýarlanyldy.

Höweslendiriş çäresini guraýjylar Gonkongdaky iri işewürleriň wekilleri bolup, olary metropoldaky ykdysady ýagdaýyň gysga wagtda kadalaşmagy we çäklendirmeleriň aýrylmagy gyzyklandyrýar.

Sanjym edilenler lotereýa biletini alyp, esasy baýraklardan başga-da, smartfonlaryň, 60 müň çemesi mugt uçar peteginiň, ep-elsi mukdarda bank kartlarynyň we beýlekileriň eýesi bolup bilerler. Olara sowgat hökmünde gämili gezelençler, iň ýokary derejeli myhmanhanalardaky dynç alyş we arzanladyş petekleri garaşýar.

Häzirki wagtda Gonkongda sanjymyň derejesi juda pes. Ýurtda 7,5 million adama diňe 2,7 million doza sanjym uruldy.

Metropolyň ýaşaýjylary sanjymy mugt alýarlar we olara «BioNTech» ýa-da «Sinowac» sanjymlarynyň birini saýlamak mümkinçiligi döredilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň