Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-da alsgeýmer keseli üçin täze derman tassyklandy

15:3408.06.2021
0
4310

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda soňky 20 ýylda ilkinji gezek Alsgeýmer keselini bejermek üçin täze derman tassyklandy. ABŞ-nyň Azyk önümlerine we derman serişdelerine sanitariýa gözegçilik müdirligi (FDA) alsgeýmer keseli üçin Biogen kompaniýasynyň Aduhelm dermanyny tassyklady.

FDA köp lukmanlaryň kliniki synaglaryň ýeterlik derejede ynandyryjy däldigi baradaky garşylykly pikirlerine garamazdan, dermanyň näsaglara oňaýly täsir etjekdigine ynanýar. Şol bir wagtyň özünde, FDA derman öndürijisini derman serişdeleriniň peýdalary barada goşmaça uly göwrümli kliniki gözleg geçirmäge, dermanyň netijeliligi subut edilmedik halatynda geljekde tassyklamany yzyna almak hukugyny saklamaga borçly etdi. Bu barada euronews habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň