Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky haryt-nyşanly lybaslaryň dükanlary täze işgärleri gözleýär

17:4407.06.2021
0
19883

Şu dynç gününde «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde açylan haryt-nyşanly lybaslaryň täze ― «Ramsey», «Koton Women» we «Mavi», şeýle hem ozaldan bar bolan «Koton Kids», «Colins» we «Altin Yildiz» dükanlary ýaşlary aşakda görkezilen wezipeler boýunça işe çagyrýar:

  • satyjy-konsultant (maslahatçy);
  • ofis – menejeri;
  • SMM – menejer.

Işe 18-den 30 ýaş aralygyndaky zenan we erkek adamlar kabul edilýär. Işe girmek isleýänleriň iş tejribesiniň bolmagy aýratynlyk hasap ediler. Şeýle-de, olaryň türkmen we rus dillerini gowy bilmegi hökmany şert bolup, iňlis we türk dillerinde gürlemegi başarmagy işe kabul edilmegine ýardam eder.

Iş tertibi: 9:00-dan 16:00 ýa-da 15:00-dan 22:00 aralygyndadyr. Hepdede bir gün dynç güni berilýär. Dükanlar «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 2-nji gatynda, «Ramsey» dükany bolsa 1-nji gatynda ýerleşýär.

Ýokarda sanalan dükanlaryň Türkiýäniň belli haryt-nyşanly kompaniýalarynyň ýurdumyzdaky resmi söwda wekilleri bolup durýandygyny bellemek bolar. Dükanlarda dürli ýaşly çagalara, erkeklere we zenanlara niýetlenilen lybaslar alyjylara hödürlenilýär.

Has giňişleýin maglumat üçin şu belgä ýüz tutup bilersiňiz: +99363 556515.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň