Top.Mail.Ru

Türkmenistanly rus dili mugallymy Puşkine bagyşlanan halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy

16:2407.06.2021
0
7044

Türkmenistanly rus dili mugallymy Daýanowa Liliýa Wissarionowna XXI Halkara Puşkin bäsleşiginiň ýörite baýragynyň eýesi boldy. Bu barada «Russkaýa gazeta» habar berýär.

Bu bäsleşik rus dili mugallymlarynyň arasynda düzme ýazmak boýunça geçirilýär. Şu ýyl bäsleşik: «Pandemiýada rus onaýny: synagmy ýa mümkinçilik?» diýen mowzukda geçirildi.

Bäsleşige 27 döwletden 200 töweregi mugallym gatnaşdy. Bäsleşigiň ýeňijileri, her ýy bolşy ýaly, şahyryň doglan gününde ― 6-njy iýunda yglan edildi.

Bäsleşikde 50 ýeňiji yglan edildi. Olaryň arasynda biziň ildeşimizden başga-da, Ermenistanyň, Belarusyň, Bolgariýanyň, Wengriýanyň, Gruziýanyň, KHDR-yň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Kosowanyň, Mongoliýanyň, Polşanyň, Serbiýanyň, Siriýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Çehiýanyň wekilleri bar. Şeýlelik bilen, däbe öwrülen bu bäsleşigiň ähli ýyllardaky ýeňijileriniň sany 1050 adama ýetdi.

Geçen ýyl bu bäsleşik Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanypdy. Koronawirus pandemiýasy sebäpli baýrak gowşurylyş dabarasy onlaýn ýagdaýda geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň