Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen milli teatry «Nowruz» teatr festiwalynda «Magtymguly» spektakly bilen çykyş eder

19:2006.06.2021
0
5565

Şu gün – 6-njy iýunda Kazanda türk halklaryň «Nowruz» atly XV halkara teatr festiwaly açyldy. Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry 11-nji iýunda «Magtymguly» spektakly bilen bu festiwalda onlaýn çykyş eder.

Festiwalda görkezilýän sahnalara G.Kamal adyndaky teatryň resmi saýtynda onlaýn ýaýlym arkaly tomaşa edip bolar. Halkara festiwalyň çäklerinde tomaşaçylar beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň durmuşy bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar. Spektaklda türkmen halkynyň durmuşy bilen bagly täsirli wakalar beýan edilýär.

«Türkmenportalyň» ozal habar berşi ýaly, türki halklaryň «Nowruz» atly XV halkara teatr festiwalynda Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan we Russiýa Federasiýasyndan gelen 28 teatr öz milli eserlerini görkezer.

Bu halkara teatr festiwaly 2021-nji ýylyň 6 – 11-nji iýuny aralygynda dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň