Top.Mail.Ru

Dünýäde rus diliniň güni bellenilýär

15:4806.06.2021
0
5002

Her ýylyň 6-njy iýunynda Russiýada beýik rus şahyry, rus edebiýatynyň häzirki zaman dilini esaslandyryjy Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň doglan güni, bütin dünýäde bolsa Rus diliniň güni bellenilýär.

Bu baýram BMG tarapyndan 2010-njy ýylyň 20-nji fewralynda döredildi.

Rus dili dünýädäki iň uly dilleriň biri bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Gepleýänleriň sany boýunça rus dili iňlis, hytaý, hindi, ispan we arap dillerinden soň dünýäde altynjy orunda durýar. Ýaýrawy boýunça bolsa hytaý, ispan, iňlis, arap, hindi, bengal we portugal dillerinden soňra sekizinji orny eýeleýär. Bu barada «RIA Nowosti» 2020-nji ýylyň maglumatlaryna esaslanyp habar berýär.

Dünýäde iri halkara guramalarynyň 15-siniň, şol sanda BMG-niň hem resmi dilleriniň biri rus dilidir. Internetde ulanylyş ýygylygy boýunça bolsa bu dil ikinji orunda durýar. Rus dili dünýäniň iň köp terjime edilen dilleriniň biri.

BMG-nyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda dünýäde 258 million adam rus dilinde gürleýär we millionlarça adam rus dilini daşary ýurt dili hökmünde öwrenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň