Soňky habarlar

Arhiw

«Tesla» restoran açmak üçin ýüz tutdy

15:2404.06.2021
3
4569

Millioner Ilon Mask işiniň gerimini giňeltmegi meýilleşdirýär. Onuň täze işi restoranlar bilen bagly bolar.

Has takygy, «Tesla» kompaniýasy ABŞ-nyň Ygtyýarnama we söwda belgileri baradaky edarasyna «T» azyk önümleri toplumyny bellige aldyrmak üçin ýüz tutdy. Hödürlenen iki görnüşdäki nyşanyň birinde harp tabaga meňzedilipdir.

«Teslanyň» restoranlar bilen bagly taslamasy iň döwrebap görnüşleri öz içine alýar.

Ýeri gelende aýtsak, Ilon Mask restoran açmak baradaky pikiri barada ozalrak habar beripdi. Has takygy, ol 2018-nji ýylda bu barada ilkinji gezek dil ýarypdy. Täze nyşanyň bellige alynmagy bilen, bilermenler Ilon Maskyň bu pudakdaky iri meýilleriniň durmuşa geçip başlajakdygyna bil baglaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Dowlett ( 06.06.2021 )

mask millioner däl, millarder

0