Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýada erkeklere perzendiniň dogulmagy bilen bagly berilýän rugsat ýeňilleşdiriler

17:0503.06.2021
0
4867

Ýaponiýada enelik rugsady diňe bir çaganyň ejesine däl-de, onuň kakasyna hem berilýär. Ýakynda Hökümet rugsadyň bu görnüşine käbir üýtgeşmeleri girizdi. Bu barada TASS «Asahi» agentligine salgylanyp habar berýär.

Mundan beýläk iş beriji işe kabul edilen erkeklerden perzendiniň dünýä inmegi bilen bagly rugsada gidip-gitmejekdigi barada soramaly bolar we berlen jogap işgäriň iş resminamalarynda orun tutar.

Mundan başga-da, iş berijiler erkek işgärlerini dört hepdelik rugsada höweslendirmeli.

Kakalara hem rugsat berilýän-de bolsa, satatistiki maglumatlara görä, Ýaponiýada bu hukukdan erkek kişileriň diňe 7 göterimi peýdalanýar. Olaryň aglabasy bolsa rugsadyň bu görnüşini almakdan utanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň