Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk komitetiniň mejlisini geçirdi

23:2902.06.2021
0
10177

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem bu düzümleriň ýakyn geljek üçin işleriniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Onuň gün tertibine Garaşsyz ýurdumyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini kämilleşdirmek, döwlet emläginiň, şol sanda maliýe serişdeleriniň netijeli peýdalanylyşyna, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Mejlisde

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby özgertmeleri durmuşa geçirmegiň barşy, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş üpjünçilik meselelerini çözmek boýunça ýerine ýetirilen işler;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow ýanwar — maý aýlarynda ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine, döwlet eýeçiligindäki desgalaryň bellenilen maksatlara laýyklykda we netijeli peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça geçirilen işler;

― ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk meýdançalarynda işleriň ýagdaýyna seljerme geçirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;

― Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow tomus möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga isleg bildirýän raýatlara degişli resminamalary bermek boýunça döredilen toparyň alyp barýan işi;

― Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tarapyndan bu düzümiň edaralaryny serhediň üstünden geçirilýän ýüklere berk gözegçiligi amala aşyrmak üçin niýetlenilen häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;

― adalat ministri B.Muhamedow milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barlan işler;

― Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň bäş aýynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçirilen işleriň netijeleri, Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça alnyp barlan toplumlaýyn çäreler;

― milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny saklamak boýunça amala aşyrylan çäreler;

― Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçirilen toplumlaýyn çäreler;

― içeri işler ministri M.Çakyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, hukuk düzgün-tertibini üpjün etmek, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň awtomobil ýollarynda ulag gatnawlarynyň hereketini sazlaşdyrmak boýunça geçirilen çäreler;

― ýangyn howpsuzlygyna gözegçiligi amala aşyrýan ýörite müdiriýetiň geçiren çäreleri;

― Baş prokuror B.Atdaýew aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işlerine geçirilen seljermeleriň netijeleri;

― goranmak ministri B.Gündogdyýew Milli goşuny häzirki zaman tehniki serişdeler bilen üpjün etmegiň barşy, işgärler düzümini pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, tomus möwsüminiň gelmegi bilen howanyň gyzýandygyny, onuň bolsa adam saglygyna ýaramaz täsiriniň bardygyny belledi. Adam bedeninde teşneligiň artmagy onuň umumy saglyk ýagdaýyna täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, şahsy düzümleriň arasynda düşündiriş çäreleriniň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygy bellenildi.

Şol bir wagtyň özünde tomsuň gelmegi bilen howanyň gyzmagy we meýdan otlarynyň guramagy sebäpli tebigatda ýangyn döremegiň mümkindigini nazara alyp, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler işjeňleşdirilmelidir. Elektrik geçirijilerde ýangynyň ýüze çykmak mümkinçiliklerini nazara alyp, ilatly ýerlerde ýangyn howpsuzlygy düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik güýçlendirilmelidir diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sözüni dowam etdi.

Mejlisde başga-da birnäçe meselelere garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň