Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky gulluklaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Çakyýewe berk käýinç yglan edildi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, içerki gullugyň podpolkownigi J.Nuraýew işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.