Türkmenistanyň içeri işler ministrine soňky gezek berk käýinç yglan edildi we onuň orunbasary wezipesinden boşadyldy

21:4102.06.2021
0
13476

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky gulluklaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Çakyýewe berk käýinç yglan edildi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, içerki gullugyň podpolkownigi J.Nuraýew işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň