Soňky habarlar

Arhiw

ÝHHG Aşgabatda žurnalistleriň hünär taýýarlygyna bagyşlanan okuw maslahatyny geçirdi

21:0402.06.2021
0
8607
ÝHHG Aşgabatda žurnalistleriň hünär taýýarlygyna bagyşlanan okuw maslahatyny geçirdi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gurnamagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly “Žurnalistika bilimini ýokarlandyrmakda we žurnalistleriň hünär taýýarlygynda kömek” atly taslamanyň çäklerinde okuw maslahaty geçirildi. Bu okuw maslahatynyň esasy maksady žurnalistikada bilim ulgamyny kämilleşdirmekden, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünärine “Syýasy kommunikasiýa” we “Sanly žurnalistika” ugurlary boýunça magistratura girizmek babatynda tejribeleri alyşmakdan ybaratdyr.

Bu okuw sapagyna ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Beýik Britaniýadan, Russiýa Federasiýasyndan hünärmenler Marek Bekermen we Eduard Woýtenko, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň baş habarçysy, “Türkmenistan” we “Нейтральный Туркменистан” gazetleriniň işgärleri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň şeýle-de Halkara gatnaşyklary institutynyň žurnalistika hünärinden bilim berýän mugallymlary gatnaşdylar.

Okuw sapagynda ilkinji bolup Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi Jon Mak Gregor çykyş etdi. Ol öz çykyşynda okuw maslahatynyň ilkinji gününiň maksady we onuň esasy temasy dogrusynda belläp geçdi.

Okuw sapagynyň dowamynda daşary ýurtly hünärmenler ýokary okuw mekdeplerinde magistratura okuwyny alyp barmak boýunça dünýä tejribelerini paýlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň