Fransiýanyň ministrligi pişik gözleýär

17:1902.06.2021
0
4466

«Fransiýanyň Ykdysadyýet, maliýe we dikeldiş ministrligi 22 ýaşynda aradan çykan Zeýtun atly pişigiň ornuna täze ― üstünlik getiriji pişigini gözleýär» diýip, TASS habar berýär. Başga bir pişigiň idedilmäge alynjakdygy barada ministr Bruno Le Maire hem habar berdi.

Bu barada ol: «Biziň elmydama pişigimiz bolmaly we ol ýakyn wagtda peýda bolar» diýdi.

Zeýtun 1999-njy ýylda ministrligiň binasynda peýda boldy. Bu döwürde bölüm ýolbaşçylygyny 14 gezek üýtgetdi.

2004-nji ýylda «La Revue administratiw» žurnalynda bu pişige bagyşlanan bir makalada pişigiň iýmitlenýän ofisleriniň töweregine ýaýradylan iýmit galyndylary sebäpli tämizlik üçin çykdajylaryň takmynan 10 göterim ýokarlanjakdygy aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň