Soňky habarlar

Arhiw

Ispaniýa 7-nji iýunda daşary ýurtlulary kabul edip başlar

13:4102.06.2021
0
4619

Ispaniýanyň Hökümeti 7-nji iýundan başlap, daşary ýurtly syýahatçylaryň ýurda girmegine rugsat berdi. Bu eglişik dünýäniň islendik künjeginden geljek syýahatçylar üçin degişlidir.

Munuň üçin syýahatçylaryň Ýewropa Komissiýasy tarapyndan ykrar edilen waksinalary kabul etmegi ilkinji şertdir. Şeýle hem olaryň COVID-19 bilen bagly test barlagynyň netijeleri talap ediler. Bulardan başga-da syýahatçylardan Ispaniýa gelmezinden 2 hepde öň sanjym edilendigi baradaky kepilnama soralar.

Ýöne «ýaşyl» döwletlerden, ýagny koronowirusy ýeňen diýlip ykrar edilen döwletlerrden geljek syýahatçylar üçin ýeňillikler bolar. Bu barada «runews24.ru» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň