Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky fransuz instituty saz baýramçylygyna çagyrýar

11:3402.06.2021
0
9629

Türkmenistandaky fransuz instituty saz baýramçylygy mynasybetli medeni çäre geçirmegi meýilleşdirilýär. Bu baýram Fransiýada 21-nji iýunda bellenilýär.

Şol gün ähli sazandalar we ýerine ýetirijiler, hünärmenler we höwesjeňler köpçülik ýerlerinde çykyş edip bilerler, şeýlelik bilen ýurduň islendik künjegi konsert zalyna öwürer.

Baýramyň hormatyna, Türkmenistandaky Fransuz instituty höwesjeňler we hünärmenler üçin açyk aýdym-saz platformasyny gurnaýar we höwesjeňleri oňa gatnaşmaga çagyrýar. Institut bu babatda islendik teklibi kabul etmäge taýýardyr.

Isleg bildirýänler 36 83 70/71/72 belgili telefonlar ýa-da ift.culture@gmail.com elektron salgysy arkaly habarlaşyp biler.

Çäräniň geçiriljek güni we wagty soň belli ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň