Top.Mail.Ru

«Gerekli» söwda meýdançasy alyjylar üçin hyzmat ulgamyny giňeldýär

20:1101.06.2021
0
8229

«Gerekli» söwda meýdançasy alyjylara sargyt edilen harytlary eltip bermek hyzmatyny giňeldýär. Söwda dükany ýurdumyzyň ähli künjeklerine ― welaýat merkezlerine we beýleki şäherleredir ilatly ýerlere sargalan harydy eltip bermek işini ýola goýdy.

Satyn alnan harytlar şu ugurlar boýunça eltip berilýär:

  • Mary, Türkmenabat, Daşoguz we Türkmenbaşy;
  • Ufra, Janga (Balkan welaýaty);
  • Serdarabat, Sakar, Farap, Dänew, Seýdi (Lebap welaýaty), Balkanabat, Jebel, Belek, Çeleken (Balkan welaýaty), Baýramaly, Ýolöten, Wekilbazar (Mary welaýaty);
  • Kerki, Halaç, Saýat, Garabekewül, Darganata, Gazaçak, Hojambaz, Köýtendag (Lebap welaýaty), Köneürgenç, Görogly, Boldumsaz (Daşoguz welaýaty).

Şeýle hem «Gerekli» söwda dükany 2-nji iýunda «Gerekli gün» atly däbe öwrülen arzanladyşyň geçirilýändigini habar berýär. Her çarşenbe güni söwda dükanynyň harytlarynyň ençemesine 50% arzanladyş yglan edilýär.

«Gerekli» söwda dükanynda müňden gowrak dürli görnüşli harytlar ― dokma önümleri, himiýa serişdeleri, öý, iş we çagalar üçin harytlar, tehnikalar bar. Gözlenýän harytlary aňsatlyk bilen tapmak üçin wirtual tekjelerde harytlaryň häsiýetnamasy we suratlary görkezilýär. Mundan başga-da, sargydyň ilkinji gezek edilýändigi sebäpli 50 manatlyk söwda petegi (kupony) sowgat edilýär. Ondan peýdalanmak üçin telefonuň kömegi bilen petegiň (kuponyň) ýüzündäki qr-kody okatdyryp, çykan salgyda teswir goýmaly.

«Gerekli» söwda dükanynyň şertleri satyjylar üçin hem amatlydyr. Munuň üçin öz harydyňy bellige aldyrmak ýeterlikdir (şunda söwda etmek üçin rugsatnamanyň bolmagy hökmanydyr). Soňra «Gerekli» dükanynyň işgärleri saýtda we beýleki aragatnaşyk torlarynda harydyň satylmagyna gözegçilik edýärler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň