Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar «ýaşyl» tranzistory döretdiler

16:3001.06.2021
0
3801

ABŞ-nyň Dýuk uniwersitetiniň alymlary uglerodly syýa bilen kagyzyň ýüzünde 3D görnüşinde çap etmäge mümkinçilik berýän tranzistory işläp taýýarladylar.

Olaryň aýtmagyna görä, bu oýlap tapyş kremniý çipleriniň ornuny tutar we «ýaşyl elektronikanyň» ösmegine kömek eder. Bir smartfonda tranzistorlaryň sanynyň bir milliona ýetýändigini we şeýle enjamlaryň ýygy-ýygydan täzelenýändigini göz öňünde tutsak, netijede bu planetanyň ekologiýasyna uly zyýan ýetirýär. Nanosellulozadan gaýtadan ulanylýan tranzistorlary döretmek tehnologiýasy «ýaşyl» elektronikany döretmekde möhüm ädim bolar.

Alymlar tarapyndan döredilen biodegrirlenip bilinýän komponentler alty aýlap synagdan geçirildi we henizem azalma alamatlaryny görkezmeýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň