Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda her bir maşgalanyň üç çaga edinmekligine rugsat berildi

17:5431.05.2021
0
5519

«Sinhua» habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Hytaý hökümeti şu gün – 31-nji maýda, duşenbe güni ýurduň her bir maşgalasynyň üç çaga edinmekligine rugsat bermeklik barada karar kabul etdi. Bu karar Hytaý Halk Respublikasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň mejlisinde kabul edildi.

«Sinhua» habarlar agentliginiň habarynda beýan edilişine görä, şeýle karar ýurtdaky demografiki ýagdaý göz öňünde tutulyp, ilatyň çalt garramagy zerarly kabul edildi.

Hytaý Halk Respublikasy 1979-njy ýyldan 2015-nji ýyla çenli «Bir maşgala – bir çaga» syýasatyny alyp bardy. Bu syýasatyň ýaramaz netijeleri işe ukyply ilatyň azalmagyna sebäp boldy.

Hytaý Halk Respublikasynda 2015-nji ýyldan başlap, ýurtdaky islendik maşgala iki çaga edinmäge rugsat berildi. Hytaý hökümeti şondan soň Hytaý Halk Respublikasynda çaga dogluş derejesiniň rekord derejede ýokarlanandygyny belläp geçdi. Mundan ozal Hytaý Halk Respublikasynyň Jemagat howpsuzlygy ministrligi Hytaýda çaga dogluş derejesiniň 2020-nji ýylda ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 30 göterim azalandygyny habar berdi. Hut şu nukdaýnazardan-da, Hytaý hökümeti şu gün – 31-nji maýda, duşenbe güni ýurduň her bir maşgalasynyň üç çaga edinmekligine rugsat bermeklik barada karar kabul etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň