Soňky habarlar

Arhiw

«Willareal» taryhda ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy

09:3227.05.2021
0
4685

Ispan «Willarealy» Ýewropa ligasynyň finalynda iňlisleriň «Mançester Ýunaýtedini» ýeňip, taryhda ilkinji gezek ýaryşyň ýeňijileri bolmagy başardylar.

Duşuşyk Polşanyň Gdansk şäherinde geçirildi. Oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. 11 metrlik jerime urgy tapgyrynda iki klubuň oýunçylary 22 urgy ýerine ýetirdiler. Şolardan 21-si dürs ýerine ýetirildi. Emma «Mançester Ýunaýtediň» derwezewany Dawid De Hea öz 11 metrlik jerime urgusyny geçirip bilmedi, netijede «Willareal» 11:10 hasap bilen üstün çykdy.

«Mançester Ýunaýted» we «Willareal» özara bäşinji gezek duşuşdylar. Olaryň deslapky dört duşuşyklary 0:0 hasabynda tamamlandy. Ispan klubunyň tälimçisi Unai Emeri Ýewropa ligasynda dört gezek ýeňiş gazanan ilkinji tälimçi boldy. Ondan öň, ol «Sewilýa» bilen bu ýaryşda üç gezek ýeňiji bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň