Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda bäş ýyllyk Milli tokaý maksatnamasy taýýarlanylýar

12:4722.05.2021
0
11340

21-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmemnistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew milletiň Liderine Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň taslamasy hakynda hasabat berdi.

2013 — 2020-nji ýyllar üçin kabul edilen Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda bag nahallarynyň ekilýän görnüşleri we meýdanlary artdyryldy. Şeýle hem tokaý zolaklaryny giňeltmek, tebigy baýlyklary goramak we ekologiýa babatda bar bolan kanunçylyk namalary kämilleşdirildi. Bu ugurda sebit we halkara derejedäki özara peýdaly hyzmatdaşlyk ösdürilýär.

Ýurdumyzyň tebigy we howa aýratynlyklaryny nazara alyp hem-de tokaý zolaklarynyň meýdanlaryny mundan beýläk-de giňeltmek, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak maksady bilen, döwletimiziň ekologiýa syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär hem-de Türkmenistanyň tassyklan halkara ekologiýa maksatnamalaryndan we konwensiýalaryndan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy.

Bu resminama saýaly, pürli, miweli bag nahallarynyň, üzümleriň hem-de çöl ösümlikleriniň ekilmegi boýunça ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýörite meýilnamanyň taýýarlanylmagyny esasy ugur edinýär.

Diýarymyzyň tebigy ekoulgamynyň aýratynlyklary we toprak-howa şertleri nazara alnyp, maksatnamada, Türkmenistanyň Tokaý kodeksine laýyklykda, tokaý hojalyklarynda, döwlet tebigy goraghanalarynda ösdürilip ýetişdiriljek bag nahallarynyň görnüşleri, ýurdumyzda tokaýçylygy ösdürmek boýunça geçiriljek ylmy-barlag işleriniň, guramaçylyk çäreleriniň ugurlary, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamagyň meýilnamasy kesgitlenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşky gurşawy goramagyň, tebigata aýawly çemeleşmegiň, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin saklamagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Gök zolaklary döretmek ýörelgesi ýurdumyzyň durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol öňdebaryjy tejribelere, täzeçil tehnologiýalara we köpasyrlyk milli däplere daýanýar.

Diýarymyzda ekologiýa meselesine möhüm üns berilýär. Häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň netijeli çözgüdini işläp taýýarlamakda möhüm orun eýeleýän ýurdumyz tebigaty goramak, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Bu gün Türkmenistanda giň möçberli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olar ykdysadyýetimiziň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyny şertlendirýär. Garagumda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi, Milli tokaý maksatnamasy ýaly ähmiýetli taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde adam eli bilen emele getirilýän tokaýlaryň tutan meýdanlary has-da giňeldi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işleri toplumlaýyn we ylmy esasda çemeleşmeler arkaly işjeň dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda Milli Geňeşiň Mejlisi we Halk Maslahaty bilen bilelikde degişli işleri alyp barmak barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň