Dewisiň kubogynyň Aşgabatda geçiriljek tapgyry üçin bolboýlar taýýarlanylýar

18:5219.05.2021
0
3857

2021-nji ýylyň 6 – 12 sentýabrynda Aşgabatda geçjek tennis boýunça Dewisiň kubogy ugrundaky halkara ýaryşlara taýýarlygyň çäklerinde ýerli turnirlere täzelikler girizildi. Indi ýaryşlara bolboýlar-kömekçiler we gapdal eminleri hem gatnaşar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Bolboýlar ─ uly sportuň kiçijik kömekçileridir. Olar ýaryşyň gidişinde oýunçylara meýdançanyň daşyna giden toplary äbererler, şeýle hem arakesmelerde olara süpürgiçleri teklip edýärler. Şeýle gözegçi bolmak – örän peýdaly. Bolboýlar uly sportçularyň hereketlerine, diňe tehniki ussatlygyna-da däl, eýsem, oýny alyp barmagyň taktikasyna we oýunçylaryň psihologik durnuklylygyna hem ýakyndan syn ederler. Olar ýaryşyň “perde arkasyndaky” howasyny-da duýup bilýärler. Atly-abraýly ençeme meşhur tennisçileriň uly sporta hut şeýle ýol bilen başlandyklaryny bellemek hökmandyr.

Türkmenistanyň Tennis Federasiýasy Aşgabatdaky we welaýatlardaky bolboýlary-kömekçileri Dewisiň kubogyna – erkekler arasyndaky iň uly halkara toparlaýyn tennis ýaryşyna işjeň taýýarlaýar. Her hepde federasiýanyň hünärmenleri olara meýdançadaky etmeli işleriniň aýratynlyklaryny jikme-jik düşündirýärler, olar bilen hem nazary, hem amaly okuw geçýärler. Aşgabatda olar bilen Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň Baş kätibi Eziz Döwletow, türgenleşdiriji Ýewgeniý Molçanow we Igor Zubkow ikisi okuw derslerini guraýarlar. Maryda bolboýlar bilen milli kategoriýaly emin Andreý Dowmatow meşgullanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň