Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň Prezidentleri duşuşdylar

16:2217.05.2021
0
8866

17-nji maýda Aşgabat şäherine iş saparynyň çäginde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Prezident R.Minnihanow duşuşygyň barşynda türkmen Liderine kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belläp geçişi ýaly, Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlykda Tatarystan aýratyn orny eýeleýär. Şeýle hem türkmen Lideri Tatarystanyň Prezidentine Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň Kazanda geçirilen mejlisine gatnaşan Türkmenistanyň wekiliýetini mähirli kabul edendigi, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowy ýokary derejeli döwlet sylagy bilen sylaglandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Rustam Minnihanow öz gezeginde iki ýurduň Prezidentleriniň dostlukly gatnaşyklarynyň sebit derejesinde has ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna mümkinçilik döredýändigini belledi.

Ol bu babatda Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasyýasynyň Prezidentlerine minnetdarlyk bildirip, ähli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçiligimiziň bardygyny belledi.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň ähmiýetini belläp geçdiler

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň