Tatarystanyň Prezidenti iş sapary bilen Türkmenistana geldi

10:1717.05.2021
0
18013
Tatarystanyň Prezidenti iş sapary bilen Türkmenistana geldi
Surat:tatarstan.ru

16 maýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Türkmenistana geldi.

Tatarystanyň Prezidentiniň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilişi ýaly, hormatly myhmany Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow garşylady.

Bu saparyň çäklerinde Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidenti bilen ikiçäk duşuşygy, şeýle hem giňeldilen düzümdäki gepleşikleri göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň