Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow 29-30-njy aprelde Tatarystanyň paýtagtynda geçiriljek Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň çärelerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin, 29-njy aprelde Kazana bardy.
G.Tukaý adyndaky Kazan Halkara howa menzilinde hormatly myhmany Tatarstanyň Premýer-ministri Alekseý Pesoşin bilen duşuşdy – diýip, “Tatar-habar” habar gullugy Tatarstan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.
Russiýanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Premýer-ministrleri we beýlekiler Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň hökümetara guramasynyň mejlisine gatnaşmak üçin Kazana geldi.
Ozal habar berlişi ýaly, 26-njy aprelde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçirilen telefon söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýeriň derejesindäki ýokary derejeli wekiliýetiň Kazana Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň işine gatnaşmak üçin iberiljekdigini aýtdy.