Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Ýewraziýanyň hökümetara mejlisine gatnaşar

22:0026.04.2021
0
5344

Türkmen wekiliýeti 29 ― 30-njy aprelde Kazan şäherinde geçiriljek Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Bu barada Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Wladimir Putiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlikde aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, forumyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wise-premýeriniň derejesinde ýokary wezipeli wekiliýetiň iberiljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, öňde boljak duşuşygyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna berk ynam beýan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň