Tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýänlere hödürlenýän awtoulag hyzmatlaryny has-da gowulandyrmak maksady bilen, şol döwürde ýolagçy ulaglaryň täze gatnaw ugurlaryny açmak meýilleşdirilýär.
Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy G.Akmämmedow Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň Awazada geçirilen göçme mejlisinde milletiň Liderine habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümi döwründe ýolagçy ulaglarynyň sazlaşykly hereketini ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekdi, şeýle hem döwlet Baştutany ýolagçylaryň, dynç almaga gelýänleriň isleglerini öwrenmek, ýörite sargytlar esasynda dynç alyş möwsüminde Awazanyň içi we şäherara ugurlary boýunça awtobuslaryň gatnawlaryny ýola goýmak meseleleriniň üstünde işlemegi tabşyrdy.