Soňky habarlar

Arhiw

Döwlet migrasiýa gullugy tomusky dynç alyş döwri üçin ýörite topary döreder

14:0815.05.2021
0
3329

Tomusky dynç alyş döwründe Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan ýörite topar dörediler. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň Awazada geçirilen göçme mejlisinde Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezowa bu barada degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisde gullugyň başlygy ählumumy pandemiýany, dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň bu ulgama ornaşdyrylmagyny nazarda tutup, gullugyň işini kämilleşdirmek hem-de sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlaryna ünsi çekdi hem-de tomusky dynç alyş döwründe ýörite topary döretmegi tabşyrdy. Şol topar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda beýleki ugurdaş edaralar bilen utgaşyklykda, degişli işleri geçirmelidir. Şunda raýatlara berilýän rugsatnama resminamalarynyň düzgünlere laýyk gelmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň